DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň peýdaly agajy anyklanyldy

Dik we tiz ösýän pawlowniýa agajy häzirki wagtda iň peýdaly agaçlaryň
sanawynda öňdeligi eýeleýär. Ol diňe bir howanyň hapalanmagynyň öňüni alman, eýsem, mebel önümçiligi üçin hem ygtybarly çig mal hasaplanylýar.
Demirgazyk ýarym şaryň ähli ýerinde diýen ýaly ösdürilýän bu agaç bir ýylyň dowamynda 5 metre çenli boý alýar. Agaç kesilenden soň ýene-de gaýtadan ösýär we 70 ýyla çenli ýaşaýar. Şeýle hem bu agaç senagat kärhanalarynda, gämi gurluşygynda we saz gurallaryny ýasamakda ulanylýar.
Pawlowniýa 20 derejä çenli sowuga we 50 derejä çenli yssa çydamlydyr. Onuň äpet ýapraklary atmosferany kömürturşy gazyndan arassalamakda beýleki agaçlary özünden öňe geçirmeýär.