Dünýäniň iň köp ilatly döwleti iň çalt internete eýe boldy
Dünýädäki iň çalt internet Hytaýda işe girizildi: 1,2 Tb / sek – onuň kömegi bilen bir minutda HD formatda 150 sany filmi göçürip almak mümkin.
Bu barada «South China Morning Post» (SCMP) habar berdi.
Munuň üçin Pekin, Uhan we Guançžou şäherleriniň arasynda optiki süýümli kabel çekildi. Onuň uzynlygy 3 müň kilometrden gowrakdyr.