Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän çip öndürijisi “Nvidia” kompaniýasy bazar
bahasy boýunça “Apple” kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmatly
kompaniýasyna öwrüldi.
“Nasdaq” biržasynda “Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary sişenbe güni 2,84
göterim ýokarlap, her paýnama 139,91 dollara çenli ýokarlandy.
Kompaniýanyň umumy bazar bahasy paýnamalarynyň ýokarlanmagy bilen 3,43 trillion dollara ýetdi.
Şeýlelikde, “Apple” -iň bazar bahasy 3,38 trillion dollardygyny nazarda tutulyp,
“Nvidia” ikinji gezek dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi.
Emeli intellekt çiplerine bolan islegiň artmagy bilen, “Nvidia” kompaniýasynyň
paýnamalary ýylyň başyndan bäri 182,5 göterim artdy.
Dünýäniň iň gymmat brendi yglan edildi

06
Nov