Dünýäniň iň beýik asma köprüsi
Şeýle derejä Hytaýyň günorta-günbataryndaky Beýpanszýan köprüsi mynasyp boldy. Adybir deredäki bu köpri deňiz derejesinden 570 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň ini 29,5 metre, uzynlygy 1341 metre barabar bolup, onda her tarapa hereket zolaklarynyň ikisi ýerleşendir.
Bu köpriniň üç ýyllap dowam eden gurluşygynda gurluşykçylaryň 1000-den gowragy zähmet çekdi. Köpri Hytaýyň Hançžou we Žuýli şäherlerini birikdirýän ýokary tizlikli ýoluň bir bölegidir. Mundan başga-da Hytaýdaky iň beýik köprüleriň 10-syndan 7-si ýurduň bu daglyk sebitindäki Guýçžou welaýatynda ýerleşýär.