DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň baý adamy üýtgemedi

“Forbes” žurnaly  2025-nji ýylyň iň baý adamlarynyň sanawyny çap etdi. Ilon Mask 415,6 milliard dollarlyk baýlygy bilen birinji orundaky ornuny saklap galyp, Türkiýeden Murat Ülker, Şaban Jemil Kazanjy, Ipek Kyraç we Erman Ilyjak sanawa girmegi başardy. Türk işewürleri baýlygyny artdyrmak bilen dünýä derejesindäki sanawda orun aldylar.
“Forbes” žurnalynyň beren maglumatyna görä, 1-nji sentýabr 2025 ýagdaýyna taýýarlanan dünýäniň iň baý milliarderleri sanawy, ABŞ biržalarynyň güýçli ösüşiniň umumy baýlygyň artmagyna möhüm täsir edendigini görkezýär. Bu ýylky sanawda Türkiýeden dört işewür hem baýlyklarynyň ep-esli ýokarlanmagy bilen girmegi başardy.