BIZE YAZYARLAR

Dünýäniň ajaýyp ösümlikleri

Wiktoriýanyň ýapragy. Dünýäde bir-birinden owadan, ajaýyp, täsin ösümlikler bar. Olary göreniňde tebigatyň eçilen ajaýyplyklaryna guwanýarsyň we haýran galýarsyň. Şeýle ajaýyp ösümlikleriň biri hem Wiktoriýa ösümligidir. Bu ajaýyp ösümlik özüniň ýapragynyň ululygy bilen dünýäde bellidir. Uly ot şekilli ösümlik Amazonka we Gaýanynyň çäklerindäki derýalarda boý alýar. Wiktoriýanyň ýapragy ullakan nahar tabagyna meňzeş bolup, onuň giňligi 2 metre çenli ýetip bilýär. Bu äpet ýaprak kiçi ýaşly çagany üstünde oturdanyňda ony arkaýyn göterýär. Uly adamlar bolsa ýapragyň üstüne aýagyny goýup, suwa degmezden geçip bilýärler. Wiktoriýa ösümliginiň güli suwuň aşagynda ýerleşýär. Ol haçanda açylanda 2-3 gün suwuň ýokarsyna çykýar  we ajaýyplygy bilen uzaklardan hem görünýär. Bu täsin ösümlik ähli adamlary özüniň owadanlygy  bilen haýran galdyrýar we ony görmek üçin dünýäniň ähli künjeginden syýahatçylar, jahankeşdeler gelýärler. Sebäbi Wiktoriýa ösümligi hakykatdan hem göreni haýran galdyrýan dünýäde iň owadan we ajaýyp ösümlikleriň biri hasaplanýar.

Arslan Alişerow,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: