DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde pilleriň sany azalýar

Günbatar we Merkezi Afrikanyň gür, tropiki tokaýlyklarynda duş gelýän tokaý pilleri sanyazalýan jandarlaryň sanawyna girizildi. Olaryň göwreleri beýlekilere garanyňda kiçiräkdir.
Şeýle hem olaryň bedeni goňur reňkli gür tüýler bilen örtülendir. Ösümlikleriň tohumlarynyň we biodürlüligiň ýaýramagynda tokaý pilleriniň hyzmaty uludyr. Olaryň sanynyň azalmagyna tokaýlaryň meýdanlarynyň kiçelmegi, howanyň üýtgemegi sebäp bolýar. Daşky gurşawa, emele gelýän ýagdaýa kyn öwrenişýän bu jandarlar dürli ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Olar topar bolup iýmit gözleginde uzak aralyklary geçýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: