Dünýäde iň uzak ýaşly läheňler anyklanyldy
Bu dereje demirgazyk ýarym şaryň polýar sebitlerinde ýaşaýan grenland läheňlerine degişlidir. Olaryň göwreleriniň uzynlygy 20 metre, käbiriniň agramy bolsa 150 tonna ýetýär.
Alymlar bu jandarlaryň aglabasynyň, ortaça, 40 ýyl ýaşaýandygyny tassyklaýarlar. Ýöne olaryň iki asyra golaý ýaşaýanlary hem gabat gelýär. Bu bolsa oňurgaly haýwanlaryň arasynda rekord görkeziji hasaplanylýar.
Köpsanly gözegçilikleriň netijesinde bu läheňleriň ömrüniň bütin dowamynda ösýändigi anyklanyldy. Bu äpet suw jandarlarynyň gözleriniň reňkiniň bulanyk bolmagy olaryň garrandygynyň alamatydyr.
Grenland läheňleri örän seýrek duş gelýärler. Häzirki wagtda ýer ýüzünde olaryň bary-ýogy 400-e golaýynyň bardygy çak edilýär.