Dünýäde iň uly Gün elektrik stansiýasy döredildi
Şu döwre çenli Hindistandaky Bhadla elektrik stansiýasy Ýer ýüzünde iň uly Gün elektrik stansiýasy hasaplanylýardy. 57 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu desganyň öndürýän elektrik energiýasy 2 million ilatly şäheri üpjün etmäge ýetýärdi.
Emma Hytaýda gurlan Midong Gün elektrik stansiýasy bu sanawda ondan öňe geçmegi başardy. Iki taraply Gün panelleriniň 5 milliondan gowragy oturdylan, 133,5 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu äpet elektrik stansiýanyň ýylda, takmynan, 6,09 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar.
Bu bolsa diňe bir şäher ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin däl, eýsem, elektroulaglara zarýad bermek üçin hem ýeterlik bolar.