DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde iň uly erkin söwda zynjyry emele gelýär

Hytaý Aziýa döwletleriniň 14-si bilen dünýäde iň uly erkin söwda şertnamasyna gol çekişdi. Bu şertnamanyň şu günler geçirilýän ASEAN sammitinde baglaşylmagyna garaşylýar.
Şertnama Ýaponiýadan Awstraliýa we Täze Zelandiýa çenli umumy ilaty 2,2 milliard adam bolan döwletler gatnaşýar. Resminama söwda paçlarynyň mukdaryny azaltmak, harytlary öndüriji döwletiň içki düzgünlerine başga ýerlerde hem eýerilmegi, elektron söwdanyň geriminiň giňeldilmegi we gol çekişen döwletleriň ählisinde bu şertnamada göz öňünde tutulan ýeňillikleri ýerine ýetirmäge şert döretmek ýaly mümkinçilikler girizilýär.
Şeýlelikde, dünýäde iň uly erkin söwda zynjyrynyň emele gelmegi ABŞ-nyň dünýä bazaryndaky agalygyna täsirini ýetirip biler diýip, bilermenler aýdýarlar. Munuň üstesine-de, Prezident Donald Tramp Waşingtonyň Aziýa ― Ýuwaş ummany boýunça şärikdeşlikdenden çekilmek baradaky resminama gol çekipdi. Häzir amerikan kompaniýalar bu ýagdaý barada çynlakaý pikir öwürýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply