YLYM WE TEHNIKA

Dünýäde iň uly dron öndürildi

Hytaýyň «Air While Whale» startapynyň öndüren W5000 dronlary «Dünýäniň iň uly ýük drony» diýen derejä eýe boldy. Bu güýçli dronlaryň kömegi bilen 5 tonna çenli agramly ýüki 2600 kilometr aralyga çenli daşamak mümkindir.
Bu ýük enjamynyň ganatlarynyň gerimi 22,7, uzynlygy 22,9, beýikligi 7,5 metr, agramy bolsa 10,8 tonnadyr. Ol 6000 metre çenli beýiklikde sagatda 526 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Ekipažlar oturan ýerinden bir wagtyň özünde şeýle dronlaryň 6—7-sini dolandyrmaga mümkinçilik alarlar.
Hünärmenler şeýle dronlaryň kömegi bilen howa arkaly ýük gatnawlaryny
amala aşyrmagyň çykdajylaryny öňküsinden 10 essä çenli azaltjakdyklaryna ynanýarlar.