DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde iň köp kitap okalýan döwlet belli boldy

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugynyň baş direktory Andreý Kondraşow Belarusyň paýtagty
Minsk şäherinde geçirilen XXXII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşyp, dünýäde iň köp
kitap okaýan ýurtlar barada habarçylara gürrüň berdi.
– Dünýä reýtinginde iň köp kitap okaýan döwletleriň hatarynda Hindistan öňde barýar. Bu ýurtda adamlar hepdede 10 sagatdan gowrak wagtyny kitap okamaga sarp edýär. Şeýle hem ilkinji üçlükde Tailand we Hytaý ýaly döwletler bar. Russiýa bu reýtingde 7-nji orunda durýar.
Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy ýurtlarynda bolsa, öňdeligi Belarus bilen Russiýa eýeleýär – diýip, Kondraşow belledi.