DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde iň çuň gowak tapyldy

Alymlar Meksikanyň Çetumal aýlagynda iň uly we iň çuň mawy gowagyň bardygyny anykladylar we ony öwrendiler.

«Taam Ja» diýlip atlandyrylan bu gowak deňiz derejesinden 420 metr aşaga uzalyp gidýär.

Emma alymlar munuň heniz soňky çäk däldigini aýdýarlar. Çünki olar bu gowagyň düýbüne ýetip bilenoklar. Olar Taam Ja gowagynyň düýbüne ýetmek üçin synanyşyklaryň geçiriljekdigini aýdýarlar. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, bu suwasty mawy gowaklar buzluk döwrüne degişli bolan hek daşlarynyň çökmegi netijesinde deňziň düýbünde emele gelipdirler.

Şu wagta çenli olaryň mälim bolanlarynyň arasynda iň çuňy Günorta Hytaý deňzindäki Aždarha gowagy hasaplanylyp, onuň çuňlugy 119 metrdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: