DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde ilkinji arassa energiýaly şäher peýda bolar

Hindistanyň Amarawati şäheriniň dünýäde dolulygyna arassa energiýaly ilkinji şäher bolmagyna garaşylýar. Ýurduň günorta-gündogarynda, Krişna derýasynyň kenarynda gurulýan bu şäherde zerur bolan elektrik energiýasy gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alnar.
Bu ýerde bina ediljek desgalaryňdyr ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň taslamasy singapurly inženerlere degişli. Şäherde umumy önümçilik kuwwaty 2700 MWT-e barabar boljak Gün, ýel we gidroelektrik beketler toplumy gurlar. Taslama görä, şäheriň umumy meýdanynyň köp bölegini emeli howdanlar, baglar we uzynlygy 30 kilometre ýetýän seýilgähler eýelär.
Şäherde diňe elektroulaglar, suw taksileri we welosipedler hereket ederler.
Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda möhüm ädimleriň biri bolar.