Dünýäde ikinji, Malaýziýada birinji
Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda «Merdeka 118» diýlip atlandyrylýan beýik bina açyldy. Beýikligi 678,9 metre barabar bolan ymarat bu görkezijisi boýunça diňe Dubaýdaky meşhur «Burj-Halifden» soňra dünýäde ikinji orny eýeleýär.
Başy asmana diräp duran binanyň taslamasyny «Fender Katsalidis we RSP Architects Planners & Engineers» binagärlik kompaniýasy işläp düzdi, onuň baş potratçysy bolsa Günorta Koreýanyň «Samsung C&T» korporasiýasydyr. Ýeri gelende, Dubaýda dünýäde has beýik binanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, onuň beýikliginiň bir müň metrden hem geçjekdigini bellemek ýerlikli bolar.
Täze «The Tower» taslamasynyň bahasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna barabardyr.