DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde garyň iň köp ýagýan ýeri belli boldy

Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Aomori şäheri dünýäde garyň iň köp ýagýan ýeri hasaplanylýar. Hasaplamalara görä, şäherde ýylyň dowamynda 8 metre golaý galyňlykda gar ýagýar. Bu ýerde emele gelýän gar üýşmekleriniň beýikligi 5 metre ýetýär. Daş-töweregi dag we deňiz bilen gurşalan Aomoride dürli şüweleňler hem geçirilýär. Bu ýere her ýyl gyşyň bezegi bolan garyň emele getirýän gözelligini
synlamaga syýahatçylaryň müňlerçesi gelýär. Ýurduň bu çägi garyň köp ýagýandygyna garamazdan, dürli miweli baglaryň hem köp ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriniň biridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: