Dünýäde dördünji orny eýeleýän duz käni döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli “Guwlyduz” kärhanasyny ýokary hilli duz öndürýän täze önümhanalary gurmak şerti bilen döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Ministrler Kabinetiniň gurluşyk we senagat meselelerine gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmaga hem-de “Guwlyduz” kärhanasynda önümçilik işini kämilleşdirmäge gönükdirilip alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, ady agzalan konsern bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň iň iri kärhanalarynyň biri bolan “Guwlyduz” kärhanasy
azyklyk duzy öndürmek boýunça sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.