BIZE YAZYARLAR

Dünýä ýaýyp, türkmen aýdym-sazyny

Aýdym-sazlarymyzyň Ýewropada öwreniliş taryhyna göz aýlasak, birnäçe ähmiýetli maglumatlarda nazarymyz eglenýär. Türkmenleriň aýdym-saz sungatyny ylmy esasda öwrenip, dünýä ýaýan gündogarşynas, terjimeçi we syýahatçy Aleksandr Hodzko Merkezi Aziýanyň taryhyny, medeniýetini, dilini we sungatyny öwrenipdir. Onuň iňlis, fransuz dillerinde türkmen, pars, azerbaýjan edebiýaty baradaky ylmy işleri uly ähmiýete eýedir. 

Aleksandr Hodzkonyň ”Görogly” şadessanyny iňlis diline terjime eden, on üç şahadan ybarat doly nusgasy 1842-nji ýylda aýratyn kitap görnüşinde neşir edilýär. Asly polşaly gündogarşynas alym ”Görogly” şadessanynda aýdylýan aýdymlaryň notasyny hem kitaplarynda beýan edipdir.  Ol özüniň ”Parslaryň belli şahyrlaryndan nusgalar” atly eseriniň 6-njy bölümini ”Türkmen aýdymlary” diýip atlandyryp, Magtymguly Pyragynyň, Garajoglanyň şygyrlarynyň terjimesine we şol şygyrlara döredilen aýdymlaryň nota ýazgysyny ýerleşdirýär. 

Wenger alymy Armeniý Wamberiniň çap edilen işlerinde türkmen bagşylarynyň aýdan aýdymlary, ”Görogly” şadessany, Magtymgulynyň, Aman mollanyň sözlerine döredilen aýdymlar barada gyzykly maglumatlar bar. ХХ asyryň ilkinji onýyllygynda türkmen milli aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanan awstriýaly nemes kompozitory we halk sazlaryny öwreniji Robert Laşdyr.  Ol Rejep Sary atly bagşynyň dilinden ”Aýjemal” aýdymynyň we beýleki türkmen aýdymlarynyň sazyny, sözüni ýazyp alyp, birnäçe ýyldan soň olary neşir etdirýär. 

Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösüş taryhynda W. A. Uspenski, W. M. Belýaýew bilen awtordaşlykda ”Türkmen sazy” atly kitaby arkaly halkymyzyň aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýýar. Onuň Türkmenistana saz-etnografik sapary 1925-nji ýylda başlanýar. Şol günlerde W. Uspenskiý 94 ýaşly Şükür bagşy bilen duşuşandygyny, ondan saz eserlerini ýazyp alandygyny, bagşynyň saz çalanda ulanýan tärlerine haýran galndygyny ýatlaýar. 

Gündogar saz sungatyny öwreniji Iwan Dobrowolskiniň 1818-nji ýylda çykaran ”Aziýa sazy” žurnalynyň 5-nji sanynda ”Türkmen aýdymy” diýen bölümde  aýdym-sazlarymyzyň ençemesiniň nota ýazgysy geçirilipdir. 

Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň gyzykly taryhy bar. Olaryň käbiri rowaýatlara öwrülip, akylyňy haýran edýän täsin wakalary özüne siňdiripdir. Aýdym-sazlarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetiren bagşy-sazandalar indi halk döredijilik eserleriniň gaahrymanlary bolup çykyş edýärler. Saklanyp galan dürli maglumatlary ylmy esasda öwrenmek we ýerlikli ulanmak arkaly milli aýdym-saz sungatymyzyň hakyky taryhy kemala gelýär. 

Oguljahan Kulyýewa,

welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugllymy.