SYÝASAT

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi

Düýn Aşgabadyň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi.

Bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak öz beýanyny tapdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen myhmanlar hem-de Türkmenistanyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda işleri alyp barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: