JEMGYÝET

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nyşanynyň täze nusgasy tassyklanyldy

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň täze nusgasyny tassyklanyldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Karara gol çekdi. Resminama bilen nyşanyň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň  «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararynda olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde bitiren hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli sylaglanylýandygy bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: