BIZE YAZYARLAR

Dünýä puly barada

1.Dollaryň belgisini ýagny $ belgini 1778-nji ýylyň 1-nji aprelinde amerikan telekeçisi Oliwer Pollok tarapyndan döredilipdir.
2.Häzirki wagtda dünýäde kagyz görnüşinde 7 dürli dollaryň banknody ýagny
1,2,5,10,20,50,100-lik ,şaýy pullar ya-da teňňe görnüşinde bolsa 6 dürli 1, 5, 10, 25, 50 we 1 dollar peýdalanylýar.
3.ABŞ-nyň pul birliginiň ýüz tarapynda olaryň Prezidentleriniň we Döwlet işgärleriniň suratlary ýerleşdirilen. Ýagny,
100$-Benjamin Franklin
50$-Uliss Grand
20$-Endrýu Jekson
10$-Aleksandr Gamilton
5$-Awraam Linkoln
1$-Jorj Waşington
4.100$-lyk banknot 1914-nji ýylda çykaryldy we ilkinji gezekde 250 million nusgada
Benjamin Frankliniň suraty ýerleşdirilen kagyz pullar dolanşyga girizildi.
5.Bulardan başgada Amerikan dollarynyň dolanşykda ulanylmayan 1000,5000 we 10000 banknotlary bardyr.10000 $ pul birligi 1934-nji ýylda çykaryldy we ol Auksionda 480 000 $ satyldy. Amerikanyň bu pul birliginde Awraam Linkolnyň prezidentlik eden döwründäki ABŞ-nyň Maliýe ministri Selmonyň suraty ýerleşdirilendir.

AMANOWA Aýlar
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: