Gün-günden gözelleşýän berkarar döwletimiziň ähli künjegini gurşap alýan döwrebap özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili. Gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalary, şäher bilen deňleşýän täze obalaryň görküni görmäge göz taryplamaga şirin söz gerek. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen ençeme binalaryň Ginnesin rekordlar kitabyna girzilendigini biziň hemmämiz bilýäris. Başy ak bulutlar bilen deňleşip duran ak mermer binalar görenleri haýrana goýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň alym paýhasyndan, Watanymyza we halkymyza bolan beýik söýgüsinden bina bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň dabaralanmasydyr. Milli medeniýetimiziň häzirki zaman şähergurluşyk ylmynyň, sanly konsepsiýanyň, ekologiýa abadançylygynyň iň öňdebaryjy çözgitlerini özünde jemleýän bu ajaýyp şäher ýaşlaryň täze döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy üçin döredilen sapaly durmuş mekanydyr.
Häzirki döwürde şäher gurluşygy babatda, dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajap şäherde sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnalogiýalar ýaly täzeçillikleriň iň soňkularynyň ornaşdyrylşyny täze tejribe hökmünde öwrenýärler. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hem nygtalşy ýaly, Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň ornaṣdyrylşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň nesihatlary esasynda Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ginişlikde gurulmagy, bu ýerleriň tebigy gözelligini saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnalogiýalary giňden ulanmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyrjy hakykatdyr. Görki bilen görenleri haýrana goýan bu jennet mekanda ýerleşýän Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünar okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara bilim berýär. Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde bolsa Görogly gaýratly ýigitlerimiz, ärgaýratly
gyzlarymyz tomaşajylara hezil berýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher
kitaphanasy şäheriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli belent maksatly özgertmelere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumyadamzat bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun.
Madina SAPAROWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat
şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.