Ýer togalagynyň ilatynyň sanynyň ösüşi eksponsial kanuna boýun egýär.
Munda ösüş bir deň däl. Emma soňky on ýyllykda ilatyň sanynyň artmaklygyna getirdi. XX asyryň 70-nji ýyllarynda Ýer togalagynyň ilaty 750 mln adam artdy. 80-nji ýylda bolsa – 840 mln, 90-njy ýyllarda 960 mln adam köpeldi. 1995-nji ýylda diňe bir ýylda Ýer togalagynyň ilaty 100 mln adama çenli artdy. Bu bolsa Italiýanyň we Fransiýanyň ikisiniň bilelikdäki ilatyndan 15 mln az diýildigidir. Şunuň ýaly ösüş adam populýasiýasynda “demografiki ýokary göterliş” ýagdaýny häsiýetendirýär. Ýagny mundan 1.5 mln ýyl öň Ýer togalagynda takmynan 500 müň adam ýaşapdyr. Şol döwürde adamlaryň ömrüniň dowamlylygy bary-ýogy 20 ýyla deň bolupdyr, osoblaryň sany diňe 200 müň ýyl geçenden soň artyp bilerdi. Munuň üçin häzirki wagytda 35 ýyl wagt gerek bolýar. Takmynan 9 müň ýyl mundan ozal Ýer togalagynda 10 sany ýerli we sebit (regional) tebigy heläkçilikler ýüze çykdylar we çykýarlar. Emma muňa seretmezden iltyň sanynyň köpelmegi dowam edýär
Ilatyň sanynyň ösüş dinamikasyny öwrenýän ylma demografiýa diýilýär.
Onuň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde biziň eramyzyň başlarynda 200 mln, XVII asyryň ortasynda bolsa 500 mln adam ýaşapdyr. Zyýanly täsirleriň azalmagy netijesinde takmynan XIX asyryň ortalaryna Ýer togalagynda adamlaryň sany milliarda ýetdi. Emma XIX asyrda we häzirki döwürde dürli görnüşli keseller, açlyk, uruşlar bilen baglanşykly ýagdaýlar uly ähmiýete eýedir. Demografiki hasaplamalar ilatyň ýaşy boýunça gurluşyna baha bermeklige mümkinçilik döredýär.
REJEPOWA Maral,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby