DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Dünýä gözeli» belli boldy

Nikaragualy 23 ýaşly Şeýnnis Alondra Palaсios Korneho Merkezi Amerikanyň Salwador şäherinde geçirilen halkara «Dünýä gözeli» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip ykrar edildi.

72-nji gezek gurnalan bu çäre ýörite internet sahypasy arkaly ýaýlyma berildi ― diýip, «Ýyldyz» neşiri ýazýar. Ikinji orna Taýlandyň wekili ― 27 ýaşly Antoniýa Porsild mynasyp boldy.

Salwadoryň prezidenti Naýib Bukele dabarada çykyş edip: “Dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylary, guramaçylary we myhmanlary kabul etmek hormatyna eýe boldyk. Bu waka bize nämäni başarýandygymyzy dünýä görkezmäge mümkinçilik berdi. Biziň üçin galkynyşyň bir bölegi bolan bu çäräni saýlanyňyz we ýurdumyza goldaw bereniňiz üçin sag bolsun aýdýaryn» diýdi.

Her ýyl geçirilýän bu abraýly bäsleşige 80-den gowrak döwletden gyzlar gatnaşdy.

2024-nji ýylda geçiriljek “Dünýä gözeli” bäsleşiginiň ýeňijileri Meksikada kesgitlener.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: