JEMGYÝET

«Dünýä gözeli — 2021» bäsleşikden üç aý soň sylagladylar

22 ýaşly polşaly Karolina Beýawska «Dünýä gözeli — 2021» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ol ikinji we üçünji orunlary eýelän ABŞ-ly Şri Seýni we Kot-d’Iwuaraly Oliwiýa Ýaseni yzda galdyrdy. Ol täji ýamaýkaly «Dünýä gözeli — 2019» Toni-Enn Singhiň elinden aldy. Bu barada «lenta.ru» habar berýär.

Ikinji synanyşykdan soň sylaglamak dabarasy Puerto-Rikonyň San-Huan şäherinde boldy. Hemmeler onuň 2021-nji ýylyň dekabrynda geçirilmegine garaşypdylar. Ýöne olaryň meýline COVID-19 zyýan berdi. Finala birnäçe sagat galanda, 23 gatnaşyjynyň 15-isinde inferksiýa ýüze çykardylar. Şonuň üçin hem sylaglamak dabarasyny üç aý yza süýşürdiler.

14 ýaşly Karolina Beýawska «Elite Model Look» bäsleşiginde ikini orny eýeläpdi we şondan bäri model bolup işleýär, surata düşmäge we moda görkezmäge gatnaşýar.

«Dünýä gözeli» bäsleşiginiň täze ýeňijisi uniwersitetiň «menejment» hünärinde okaýar. Diplom alanyndan soň ol aspiranturada okuwyny dowam etdirmekçi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: