BIZE YAZYARLAR

Dünýä belli “Şwed stoly” görnüşinde iýmitlenmek

“Şwed stoly” görnüşinde naharlananda, naharlanyjylara hyzmat edýänlere (ofisant) garaşmaklyk düzgüni aradan aýrylýar. Her bir adam özüniñ islegine görä ol – ýa-da bu tagamy saýlaýar. “Şwed stoly” görnüşinde hyzmat etmekligiñ esasy sebäbi, iýmitlenmegi we hyzmaty çaltlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Umumy iýmitlenmegiñ wagty ertirlik üçin 15-20 min, günortanlyk we agşamlyk 25-30 min hasaplanandyr.
Tejribeden görnüşi ýaly, “Şwed stolyny” ulanmaklyk ertirlik üçin 8-10 sagat aralygynda; günortanlyk -12-15 sagat aralygynda; agşamlyk bolsa 17s-30 min – 19s-30 min aralygy has oñaýly hasaplanýar. “Şwed stoly” üçin restoranlarda ýörite zal ýa-da hyzmat etmek üçin onuñ oñaýly bölegi ulanylýar (bölünip berilýär). “Şwed stolynyñ” işleýän wagty, bahalary naharlaryñ assortimenti barada bildiriş görnükli ýerde asylyp goýulýar.
“Şwed stoly” boýunça hyzmatlar gurnamak üçin ýörite toparlar döredilýär. Şol topara girýän her bir agza, anyk wezipäni ýerine ýetirýär. Aşpezler, ofisantlar topary başga hemme işlerden boşadylan bolmalydyrlar. Hyzmat edýän topar, hemme önümleri (naharlary) stola owadanlap ýerleşdirýärler we güniñ dowamynda assortimente gözegçilik edýärlar we assortimenti yzygiderli dolduryp we stoly bezäp durýarlar hem-de ulanylan gapgaçlary aýyrýarlar. Adamlaryñ islegine görä, stolyñ başynda oturdyp hyzmat etmäge hem borşlydyrlar (ýaşy uly, ýarawsyz adamlaryñ haýyşy boýunça)
“Şwed stolynyñ” assortimenti düzülende, naharlanmagyñ wagty (ertilik, günortanlyk), rejeli iýmitlenmegiñ aýratynlyklary, islegler öwrenilýär. Bu bolsa her bir adamyñ iýmitini özüniñ ýagdaýyna görä rejelemäge mümkinçilik döredýär. Şol zalda dürli içgileriñ, çilimleriñ satuwyny ýörite barlarda ýa-da ýörite arabajyklar ulanyp gurnamak mümkin.
Günortanlyk naharyñ sanawyna sowuk naharlar bilen gök önümler, balyk assortisi, marinadly balyk, etli assorti, duza ýatyrylan balyk, winegret girizilmelidir.
Birinji naharlardan çorba, borş, we ş.m. ikinji naharlardan kartoşka bilen gowrulan balyk biwşteks, şeýle-de doñdurma, kompot, süýtli çaý, gara kofe, mineral suw, miwe şireleri we ş.m. stolda goýulýan naharlaryñ asssortimenti üýtgeşik bolmalydyr. Naharlanyjy adamyñ naharyñ her bir görnüşinden datmaga mümkinçiligi bolmalydyr – bu “Şwed stolynynyñ” esasy aýratynlygydyr. Şonuñ üçin hem stolyñ üstündäki iýmitleriñ köpüsi şöhlat, wetçina, peýnir, et ýaly kesilip goýulan iýmitlerdir. Köp myhmanlar balyk we balyk önümleriniñ dürli görnüşlerini, halaýarlar. Şonuñ üçin bu ýagdaý göz öñünde tutulmalydyr.
Ertirlik naharlara – täze hyýar, pomidor we olardan taýýarlanan işdäaçarlary, köke, konditer önümleri, mesge goýulmalydyr.
Günortan naharynda – 6-8 işdäaçarlar, 2-3 suwuk 1-nji nahar, 3-4 ikinji nahar, souslar, konditer önümleri, miweler, gyzgyn içgiler, miwe şerbetleri we ş.m. bolmalydyr.

HYDYROW Şatlyk,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: