LUKMANÇYLYK

Dümewiň öňüni almagyň ýollary salgy berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi welaýat neşirinde dümewden goranmagyň ýollary barada maslahat berdi.

Makalada ýazylyşy ýaly, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Asgyran, üsgüren halatyňyzda hökman elýaglyk bilen agzyňyzy we burnuňyzy ýapyň!

Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşmazdan kabul etmäň! Esasan-da, bu antibakterial serişdelere degişli. Sebäbi antibakterial serişdeler mörjewlere däl-de, bakteriýalara garşy ukyplydyr. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda doly ýola goýuldy. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary kabul edip biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: