DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dubaýda geljegiň muzeýi işleýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň şeýle ada eýe bolan muzeýine syýahatyň dowamynda hakykatdan hem geljek 50 ýylyň dowamynda dünýäde bolup geçjek özgertmeleri ýakyndan synlamak mümkin. Bu ýerde ýerleşdirilen täsin ekspozisiýalarda tehnologiýanyň iň soňky gazananlary, mümkinçilikleri aýratyn orun alýar.
Muzeýiň 77 metr beýiklikdäki innowasion binasynda senagatda we oba hojalygynda robotlaryň işleýşini, emeli aňyň adama hyzmat edişini, älem giňişliginiň tehnologiýasyny, akylly enjamlary synlamak mümkin. Muzeýiň ekologiýa bölüminde geljek ýyllarda tropiki tokaýlarda bolup geçjek özgerişlikler, ösümlikleriň täze görnüşleri, şeýle hem lukmançylygyň we bioinženeriýanyň ösüşleri görkezilýär. Dünýäniň iň owadan muzeýleriniň sanawynda orun alan bu muzeý gerekli energiýa çeşmesini dolulygyna Günden alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: