JEMGYÝET

Dubaýda emeli tokaý dörediler

Dubaý özüniň täsin binagärlik gurluşy bilen geň galdyrmagyny dowam etdirýär. Ýakyn wagtda bolsa şäheriň kenar ýakasynda emeli tokaýyň döredilmegine garaşylýar. Dubai Mangroves taslamasyna laýyklykda bu ýerde uzynlygy 72 kilometre barabar boljak tokaý zolagy dörediler.

Taslama laýyklykda deňziň kenarynda agaçlaryň 100 milliondan gowrak düýbi oturdylar. Şeýle-de taslama üçin atmosferadaky kömürturşy gazynyň möçberini ep-esli azaltmaga ýardam etjek agaçlaryň görnüşleri saýlanylyp alnar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bu ýerde seýilgäh we dynç alyş zolaklarynyň, welosiped we ylgaw ýodajyklarynyň hem-de 10 müňden gowrak iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: