DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dron Ewereste ýük çykardy

Hytaýyň «DJI» kompaniýasy dünýädäki ilkinji dron bilen Ewereste ýük ugradyp, bu ugurdaky synaglary üstünlikli geçirdi. Sürüjisiz enjam takmynan 6200 metr beýiklige galdy.

Synag Ewerestiň günorta eňňidinde geçirildi. «DJI FlyCart 30» drony geçirilen barlagda 15 kg ýüki 5300 metr beýiklikde ýerleşýän esasy düşelgeden, C1 düşelgä — 6000 metre galdyrmaga ukyplydygyny görkezdi. Enjam sekiz sagatlyk Khumbu buzlugynyň bu howply ýoluny bary-ýogy 10 minutda geçdi.

Şeýle-de bolsa, enjam bilen işlemek aňsat düşmedi. Ýoluň käbir bölekleri tolkunyň ýitmegine sebäp boldy. Köp sanly synanyşyklardan soň ähli zat başa bardy. Şeýlelikde, 5°C howa we 15 m/s ýel tizligine deň bolan şertlerde dron 5300 metr beýiklikde kynçylyksyz uçmagy başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: