BIZE YAZYARLAR

Döwürleriň we göwünleriň şahyry

Halkymyzda milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň galkynmagyna öz goşandymy goşan şahsyýetlerimize aýratyn hormat goýulýar. Nusgawy edebiýatymyzyň şeýle ägirtleriniň biri-de gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragydyr. Ynha, şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi-de beýik söz ussadynyň we onuň döredijiliginiň sarpasynyň belent tutulýandygynyň ýene bir subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu halkymyzyň geçmişini öwrenmekde, nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda tebigata, edim-gylymlara söýgi döretmekde akyldaryň şygyrlarynyň uly mekdepdiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragy söz äleminiň şasydyr. Onuň watançylyk, edep-ahlak ýörelgeleri dogrusyndaky dürdäne setirleri üstünden ençeme ýyllar geçse-de öz ähmiýetini ýetirmän gelýär. Watançylygy, arassa ahlaklylygy, görüm-göreldäni, sagdyn ruhly bolmagy wagyz edýän ol setirleriň gymmaty hiç egsilmeýär. Özüniň umman ýaly giň mana eýe bolan döredijiligi bilen halkyny beýgelden beýik akyldar şahyryň şygyrlary ilat arasynda halk nakyllary hökmünde, şeýle hem aýdymlara öwrülip ýaşap gelýär. Çünki Magtymguly atamyzyň heňňamlaryň synaglaryndan geçen şygyrlary il-güni agzybirlige, ruhy kämillige, belent adamkärçilige, bir maksada gulluk etmäge çagyryş hökmünde ýaňlanýar.   

Bu gün berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly atamyzyň mertebesi has belent tutulýar. Muňa üstümizdäki ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde baýram etmekde alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu şanly senäniň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilmeli baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy-da Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, goramak we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň bir bölegini düzýär. 

Gözel Salimowa,

Çärjew etrabyndaky 13-nji çagalar bagynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: