Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen birlikde ýylyň-ýylyna täze üstünlikleriň giň gerimine eýe bolýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda bilim işgärleriniň arasynda geçirilen maslahatlaryň her biri hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle häzirki ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim-terbiýe bermek, bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak mowzugy aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bilim işgärleriniň awgust aýy boýunça geçirilen maslahaty hem, täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňde durýan wezipeleri we anyk maksatlary ýola goýmaga ýardam berdi. Guramaçylykly geçirilen maslahatda tejribeli bilim işgärleri çykyş edip, olar guralan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi esasynda, okatmagyň usulyýetini we bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, sapaklaryň häzirki zaman talabyna laýyk geçirilmegi üçin usuly gözükdirijilerden peýdalanmalydygy barada ýaş hünärmenlere maslahatlar berdiler.
Elbetde, ýaş nesilleri millilik ruhunda terbiýelemekde, nusgawy edebiýatymyzy, ene dilimizi, tebigy baýlyklarymyzy çuňňur öwretmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ündemekde, belent ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmekde, hakyky watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärleriniň çekýän zähmeti uludyr.
Biz hem, Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüji, ahlak taýdan arassa, nusgawy edebiýatymyzyň hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine söýgi döretmekde, olary ynsanperlik ruhunda terbiýelemekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ylym-bilimiň ösmegi, kämilleşmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Keýik JUMABAÝEWA, Melike MAKSIDOWA,Türkmenabat şäheriniň 21-nji bakja-bagynyň terbiýeçileri.