«Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almaklary, edep-terbiýeli, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki wagtda has-da giň gerime eýe bolýandygyny bellemek gerek. Sebäbi sanly bilimiň ösdürilmegi döwrüň talaby bolup, ol berkarar döwletimiziň mundan beýläkki ösüşlerinde ygtybarly esas bolup durýar.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem dowamat-dowam bolýar. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biz — bilim işgärleri ulgamy ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys hem-de ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde ähli tagallalary etjekdigimize ynandyrýarys.
Zulfiýa KARIMOWA,
Farap etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

