BIZE YAZYARLAR

Döwrebaplyk ― bilim ulgamynyň ganaty

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.
Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli
kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem
okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminama bolup durýar. Ol girişden we 8 bapdan ybarat: Türkmenistanda
umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy; Konsepsiýanyň esasy maksady we wezipeleri; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlyk; Konsepsiýany amala aşyrmagy maliýeleşdirmek; Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeler.
Häzirki wagtda bilimi, ylmy, tehnikany we tehnologiýany güýçli depginler bilen ösdürmek,
okatmagyň has amatly we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik
işlerine giňden ornaşdyrmak, dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmak, bilimiň hilini
we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Munuň
özi bilimde giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi, umumybilim maksatnamalary
boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzda uzak möhleti nazarlaýan toplumlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar.
Umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň
terbiýeçi-usulçylarynyň öz hünär bilimlerini we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli
kämilleşdirmek hem-de usuly taýýarlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady
bilen, «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini döretmek we ony bilim edaralarynyň iş tejribesine girizmek, bu depderi ýöretmek boýunça degişli gözükdirijini işläp taýýarlamak, her okuw ýylynyň ahyrynda bolsa pedagogik işgärleriň şol depderi ýöretmek boýunça alyp baran işlerine ylmy-usuly taýdan baha bermek göz öňünde tutuldy. Ýaş pedagogik işgärlere, aýratyn-da, daşary ýurtlaryň pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen we täze işe başlan ýaşlara halypalyk edýän pedagogik işgärleri höweslendirmegiň usullarynydyr serişdelerini kämilleşdirmek hem-de bilim edaralarynyň iş tejribesine ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar beýan edilýär.

Nafisa EREŞOWA,
Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň mugallymy.