YKDYSADYÝET

Döwrebap ýyladyşhanadan ak bazarlara

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Batyr Rowşanow 2017-nji ýyldan bäri ýertudananyň ýokuma baý, datly görnüşleri ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplady. Indi onuň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanasynda her günde ortaça 50 kilograma, ýaz aýlarynda bolsa, 200 kilograma çenli hasyl ýygnalýar. Häzirki wagtda ýyladyşhanada ýertudananyň Türkiýe döwletinden getirilen «albion» görnüşi ýetişdirilýär. Ýörite ýertudana ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň 0,6 gektar meýdanynda önýän hasyl ýörite gaplarda ilata ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: