BIZE YAZYARLAR

Döwrebap tejribe — ygtybarly serhet gözegçiliginiň binýady

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň 2026-njy ýylyň 3–5-nji marty aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen jemleýji sebitleýin okuw çäresine gatnaşmagy ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky işjeň ornunyň aýdyň beýanydyr. Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Taslamanyň çäklerinde geçirilen bu çäre ok-därili ýaraglaryň we ýeňil ýaraglaryň, şeýle hem uçarmansyz uçýan enjamlaryň bikanun serhetüsti geçirilmegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlandy.
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy hökmünde şeýle okuwlaryň ähmiýetine aýratyn buýsanç bilen garaýaryn. Sebäbi häzirki döwürde gümrük edaralarynyň öňünde diňe bir harytlaryň we ulag serişdeleriniň kanuny hereketine gözegçilik etmek däl, eýsem, döwlet serhediniň ykdysady howpsuzlygyny, jemgyýetiň asudalygyny we halkara söwda gatnaşyklarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeler durýar. Şu nukdaýnazardan halkara tejribäni öwrenmek, öňdebaryjy usullary özleşdirmek we sebit ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen tejribe alyşmak uly ähmiýete eýedir.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleriniň ozal 2025-nji ýylyň iýul aýynda Astana şäherinde geçirilen sebitleýin duşuşyga, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda bolsa Baku şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn türgenleşik okuwyna gatnaşmagy ýurdumyzda gümrük işiniň döwrebap derejede ösdürilmegine yzygiderli üns berilýändigini görkezýär. Tokio şäherindäki jemleýji okuw bolsa şol çäreleriň netijelerini jemlemäge, gazanylan tejribeleri seljermäge we geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Okuwyň dowamynda Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri milli tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar Ýaponiýanyň gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan serhet we gümrük gözegçiliginiň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdylar. Bu ýagdaý gümrük gullukçylary üçin häzirki zaman howplaryna garşy göreşmekde bilimleriň we tejribäniň yzygiderli täzelenip durmalydygyny ýene bir gezek görkezýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berilmegi aýratyn buýsançlydyr. Hususan-da, töwekgelçilikleri awtomatlaşdyrylan tertipde seljermäge mümkinçilik berýän Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle ulgamlar gümrük resmileşdiriş amallarynyň tizligini artdyrmaga, kanuny söwda dolanyşygyny ýeňilleşdirmäge we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Şeýle hem gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman barlag-gözegçilik toplumlaryny, wideogözegçilik ulgamlaryny we radiasion gözegçilik serişdelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň gümrük gullugynyň tehniki mümkinçilikleriniň barha kämilleşýändigini görkezýär. Bu ugurda döredilýän şertler biziň her birimizden öz hünär borjumyza has jogapkärli çemeleşmegi, bilimimizi we hünär başarnygymyzy yzygiderli ýokarlandyrmagy talap edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we milli gümrük ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, sebit we halkara howpsuzlygyny berkitmäge goşýan goşandynyň aýdyň beýanydyr.
Biz, Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, şeýle möhüm halkara çäreleriň netijelerinden ruhlanyp, öz öňümizde goýlan jogapkärli wezipeleri ak ýürekden, ýokary hünär ussatlygy bilen ýerine ýetirmegi mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Ýurdumyzda gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, harby gullukçylaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris.

Serdar AGAJANOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.