Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwrebap saglyk merkezi»
düşünjesi adaty bir düşünjä öwrülip gitdi. Munuň özi örän gowy ýagdaýdyr.
Elbetde, her kim saglygyna iň döwrebap, iň kämil saglyk merkezinde seretdirmegi isleýär. Biziň ýurdumyza bolsa şeýle merkezleri gözläp etrap ýa şäher söküp gidip oturmagyň hajaty ýok. Bu gün obalarymyzyň aglabasyna barsaňyz, şeýle merkezlere gabat gelmek mümkin. Olarda ynsan saglygyny berkitmek üçin döredilen mümkinçilikler bolsa göwün guşuňy ganatlandyrýar.
Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik
ýörelgesiniň diňe ýekeje miwesidir.
Diňe biziň welaýatymyz hakynda gürrüň edeniňde hem oba ýerlerindäki döwrebap saglyk öýleriniň onlarçasynyň bardygyny ýakym bilen ýatlap bileris.
Bu gün ortaça hasap bilen etraplarymyzyň her birine 10 çemesi oba saglyk öýünden ýetýär. Ýöne bu gurlanlary bilen hem çäklenenok. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran Maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzda, şol sanda Jeýhun ýakasynda hem döwrebap saglyk öýleriniň köp sanlysynyň gurluşygy dowam edýär.
Edil mekdep, çagalar bagy ýa-da medeniýet öýi ýaly, saglyk ojagy hem her bir
ilatly nokatdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Welaýatymyzda täze gurulýan (ýa-da) gurlan döwrebap şäherçeler barada-ha gürrüňem ýok, telim-telim onýyllyklaryň dowamynda küren obalara öwrülip giden ilatly ýerlerde hem şeýle merkezler gurlup, eli ýeňil, ýokary bilimli lukmanlar olarda ilata hyzmat edýär. Özi hem soňky ýyllarda «Oba Saglyk öýi» diýlen düşünje diňe bir maşgala lukmanlarynyň jeminden has giňeldi. Bu gün döwrebap oba Saglyk öýleriniň islendik birine baryp görseň, bu ýerde diş bejeriji, USB, EKG, göz bejermekde ulanylýan we beýleki döwrebap enjamlaryň köp görnüşine gözüň düşýär. Mahlasy, oba Saglyk öýülerindäki mümkinçilikler hem etrap-şäherlerdäki iri merkezleriňkiden birjik-de kem däl. Olarda edilýän hyzmatlardan ilatymyz hem hoşal.
Diýmek, hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde.
Howply keselleriň ençemesiniň ýok edilendigi barada BSGG-dan sertifikatlary
alan Türkmenistanda, hemişe bolşy ýaly, ynsan saglygy ilkinji nobatda goýulýar.
Munuň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň sakasynda
bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özi dur.
Narbaý KADYROW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkolog lukmany.