- UNCATEGORIZED

Döwrebap medeniýet öýüniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda ýylyň-ýylyna durmuş maksatly desgalaryň, döwrebap binalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Gurulýan binalar ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen iň amatly şertler bilen üpjün edilýär.

Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde iki gatly 200 orunlyk döwrebap medeniýet öýüniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Kämil ýol» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurulýan täze medeniýet öýi üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda – beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berler. Medeniýet öýüniň gurluşygynda gurluşykçylaryň 70-den gowragy yhlasly zähmet çekdiler. Gurluşyga ýerli ýaşaýjylaryň çekilmegi aýratyn bellärliklidir. Gurluşyk işlerinde eýýäm uly tejribe toplan «Kämil ýol» hususy kärhanasy häzirki wagtda çenli 20-den gowrak desganyň gurluşyk işlerini alyp bardy. Täze gurulýan medeniýet öýüniň golaýynda ýerleşen, ýaňy-ýakynda açylan polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň edara binasy hem hut şu kärhananyň gurluşykçylarynyň yhlasly zähmetiniň miwesidir.

Поделиться ссылкой: