Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň netijeli ösdürilmegi, raýatlaryň
abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, bilim, saglygy goraýyş, jemagat hojalygy ýaly möhüm ugurlaryň kadaly işlemegi hut elektroenergetika bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk bilen galkynan Watanymyzda, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe elektrik energetikasy pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy.
Döwrüň döwürden, eýýamyň eýýamdan tapawudyna göz ýetirmek üçin, ilki bilen, taryha salgylanmak gerek. Ýurdumyzda elekroenergetikanyň 110 ýyla uzaýan taryhy bar. Bu taryh 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasynda öňki Awstro-Wengriýa imperiýasynyň «Gans» kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kilowata barabar bolan gidroturbinalarynyň üçüsi oturdylypdyr. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen Hindiguşda häzire çenli hem elektrik energiýasynyň
öndürilmegi dowam etdirilýär.
1957-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji iri elektrik stansiýasy bolan Büzmeýin
döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa berildi. 1963-nji ýylda Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi guruldy. 1973-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyňilkinji energoblogy işe girizildi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňky gurlan ilkinji elektrik stansiýa 1992-nji ýylda ulanyşa berlen Seýdi ýylylyk elektrik merkezidir. 2003-nji ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. 2006-njy ýylda ýurdumyzda hereket edýän elektrik desgalarynyň üstüni Aşgabat
döwlet elektrik stansiýasy ýetirdi.
Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň
senagatlaşmaga tarap ugur almagy, täze önümçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artmagyny şertlendirdi. «Türkmenistanda elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi şol derwaýys wezipäni çözmekde möhüm ädim boldy. Bu resminamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanda ilkinji energetika desgasynyň gurulmagyna ýüz ýyl
dolan senä gabat gelendigi hem gyzyklydyr. 1913-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli geçen bir asyra barabar döwürde ýurdumyzda gurlan elektrik stansiýalaryň sany bary-ýogy bäşe ýetýärdi. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bolsa, bary-ýogy ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap energetika desgalarynyň altysy guruldy. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň maýynda ulanyşa berlen Lebap, 2015-nji ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynda açylan Derweze hem-de 2016-njy ýylyň iýulynda Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen Watan döwlet
elektrik stansiýalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda
taslama kuwwaty 146,7 megawat bolan gaz turbinalaryň üçüsi hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Şeýlelikde, türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy hasaplanýan Mary döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2985,7 megawata çenli ýokarlandy.
2020-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. 2021-nji ýylyň sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata barabar bolan gazturbinaly elektrik stansiýa ulanylmaga berildi.
Gysga döwrüň içinde Türkmenistan içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen arzan bahadan üpjün edip, onuň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport edýän döwlete öwrüldi. Bütindünýä bankynyň maglumatlary hem ýurdumyzyň ilatynyň 100 göteriminiň elektrik energiýasyndan peýdalanmaga mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar. Diýarymyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň artýan
bölegi sebitdäki goňşy döwletlere — Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystana, Özbegistana, şeýle hem Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek
ugrunda amala aşyrýan iri taslamalarynyň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygydyr. TOP ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy TOPH gaz geçiriji ulgamyň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň çägi arkaly Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge
mümkinçilik berer.
Garaşsyz Watanymyz elektrik energiýasynyň önümçiliginde sebitde
öňdebaryjy orunlaryň birini eýelemek bilen bir hatarda, daşky gurşawyň
abadançylygyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektroenergetika pudagyny kämilleşdirmekde uly başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, dünýä
ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!
Owadan SEÝTINÝAZOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy