BIZE YAZYARLAR

Döwrebap bilim – ýaş nesliň üstünlikleriniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesliň kämil bilim almagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Döwrebap tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagy, täze okuw maksatnamalarynyň girizilmegi mugallymlaryň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Häzirki wagtda sapaklarda innowasion usullary ulanmak möhüm talaplaryň biridir. Interaktiw sapaklar, taslama esasly okuw usullary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy okuwçylaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar we olaryň özbaşdak pikirlenmegini ösdürýär.
Okuwçylaryň diňe bir nazary bilim bilen çäklenmän, amaly başarnyklary hem ösdürmek möhüm bolup durýar. Şonuň üçin sapaklarda dürli döredijilikli ýumuşlaryň, toparlaýyn işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy olaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Şeýle hem okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine taýýarlamak häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaşlaryň zehinini açmaga we olaryň halkara derejesinde üstünlik gazanmagyna mümkinçilik döredýär.
Bilim ulgamynda alnyp barylýan işler mugallymlaryň yzygiderli zähmeti bilen utgaşyp, ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegine hyzmat edýär.

Saida AZADOWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.