BIZE YAZYARLAR

Döwrebap bilim berilýär

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan aýdym-sazyň hem-de çaga gülküleriniň şadyýan ýaňlanýan ýurdudyr. Diýarymyzda sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanyp, barha kämilleşýän körpeleriň köpelýändigi bizi diýseň begendirýär. Ýaş nesle başlangyç hünär okuwlaryny döwrebap derejede bermek maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän çagalar sungat, çeperçilik mekdeplerinde giň şert-mümkinçilikler döredilen. Çagalar sungat mekdepleri aýdym-saza höwesli çagalara bu ugurdan ýörite başlangyç bilim berýän bilim ojagydyr. Sungat mekdebimizde saz öwretmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu bolsa okuw sapaklarynyň döwrüň talaby bilen aýakdaş gitmegine, milli sungatymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim we hünär derejesiniň kämil bolmagyna ýardam berýär. Islendik käriň özboluşly aýratynlyklarynyň bolşy ýaly, aýdym-saz mugallymynyň hem sapak geçiş usuly bolýar. Okuwçylaryň pikirlerini, isleglerini kanagatlandyrmak esasy orunda durýar. Şunda käbir gözleg endiklerini ösdürmek mugallym üçin möhümdir. Ol endikler aýdym-saz eserlerini seljermekden we deňeşdirmekden, mekdep okuwçylarynyň ýaşyna we aýratynlyklaryna görä aýdym-saza bolan duýgusyny öwrenmekden ybaratdyr. Ajaýyp zamanada sungata uly sarpa goýup, ony ösdürmekde döredýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Çinara KAMILOWA,
Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň fortepiano hünäriniň mugallymy.