YKDYSADYÝET

“Döwranly ülke” islegli gurluşyk önümlerini öndürýär

 “Döwranly ülke” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde hereket edýän kerpiç zawodynda işler guramaçylykly dowam etdirilýär.

 Ýerli çig maly özleşdirmek, gurluşyk işlerinde zerur bolan kerpiç önümçiligini ýola goýmak maksady bilen Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginde 2006-njy ýylda häzirki “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde bu kärhananyň işi ýola goýuldy.

 Zawod 2021-nji ýylda “Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýetiniň düzüminden çykarylyp, “Döwranly ülke” ady bilen onuň işi täzeçe röwüşde dowam etdirildi.

 Häzirki wagtda zawotda 40-dan gowrak işçi kerpiç öndürmek bilen meşgullanýar. Ýerli çig malyň hasabyna işleýän zawodyň önümçiligi Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary iş öndürijilikli tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

 Bu ýerde her günde 4-5 müň aralygynda kerpiç öndürilip, amatly bahadan ilata hödürlenilýär.