Döwletmämmet Azady ilki bilenä adamlaryň bilimli bolmagyny isleýär.
Ilki bilen mugallyma, ylym öwreden ussadyna belent hormat goýmaklygy ündeýär. Şahyr mugallymy janyň ýaly eziz görmekligi, onuň sarpasyny ata-enäniňki ýaly tutmalydygyny belleýär. Akyldar goňşular, garyndaşlar bilen hem ylalaşykly bolmaklygy ündeýär. Ol öz ündewlerinde olar bilen mylakatly bolmagy, agzybirligi hormat goýmagy nygtap geçýär. Azady agzybir adamlaryň rysgal-döwletiniň bol, ömürleriniň uzak boljakdygyna ynanýar, halky hem şoňa çagyrýar.
Döwletmämmet Azady öz eserleriniň üsti bilen birek-biregiň mertebesini hemme ýerde belent tutmagy, mydama birek-biregiň halyny sorap durmagy,
durmuşda mätäje kömek bermegi wagyz edýär. Onuň nesihatlaryny berjaý edýän
adam hiç wagt öz güýjüni, zähmetini köpçülikden gaýgyrmaly däl, durmuşda
bagtsyzlyga, derde uçran biçäräni unutmaly däl. Näsagyň göwni göteriler ýaly,
yzasy galar ýaly, ýygy-ýygydan onuň ýagdaýyny sorap durmaly. Şahyryň berýän
bu maslahatlary halkyň durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr, sebäbi köpçülikden
arasy üzülen adama ýaşamak aňsat däl. Şonuň üçin şahyr hiç kimiň heläk
bolmagyny islemän, köpçüligiň gün-güze- ranyny özara arkalaşykly
dolandyrmalydygyny nygtaýar. Azadynyň şular ýaly akyl beriji öwütleriniň
ençemesi şu günler hem öz ähmiýetini ýitirenok. Azadynyň iň eziz görýän zady
adam. Adamy kemsitmek, ulymsy bolmak, şahyryň pikiriçe , iň uly aýyp. Şonuň
üçin ol köpçülige kiçigöwünliligi, ýönekeý bolmagy maslahat berýär. Şahyr
agzybirligiň beýik güýçdügine, halk üçin zerurdygyna düşünýär, adamzat üçin
asuda ýaşaýşy hem şundan agtarýar. Onuň pikiriçe, ähli adamlar biri-birini sylasa, özgä zorluk, ýamanlyk etmese, durmuşda, jemgyýetde hiç hili erbetlik bolmaly däl. Agzybirlik iň belent bagt. Hemme eşret, bagt şonda.Şol bagty bolsa adamyň gazanmaga gurbaty çatar. Azady çagany terbiýelemekde erkegiň we aýalyň arasynda parh goýmaýar. Azadynyň çagalary terbiýelemek, adalatlylyk, agzybirlik, adama hormat goýmak pikirleri halk terbiýeşynaslygyndan süzülip alnan pikirler bilen utgaşyp gidýär. Bu bolsa şahyryň terbiýeşynaslyk döredijiliginiň halkylygyna güwä geçýär. Döwletmämmet Azadynyň gymmatly terbiýeşynaslyk pikirleri ýaş nesli terbiýelemekde egsilmez çeşmedir. Bu çeşmeden döredijilikli peýdalanmak bolsa her bir mugallym, her bir pedagog, islendik ynsan üçin mukaddes borçdyr.
Dilaram BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň Türkmen dili we edebiýaty
mugallymy