Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilmeginiň öňüsyrasynda, ýagny 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm meselelere garalar hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul ediler. Ählihalk geňeşi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özboluşly sazlaşyga, möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu möhüm forumy ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidiumyň mejlisi kanunyň hökmürowanlygynyň, Türkmenistanda milli kanunçylygyň talaplarynyň pugta berjaý edilýändiginiň özboluşly ýüze çykmasy boldy. Halk Maslahatynyň işi, ilkinji nobatda, döwlet
özygtyýarlylygynyň halkyň özygtyýarlylygyna esaslanmagyny, döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesiniň halk bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Onuň ähli mejlislerinde adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde görülmegi, döwletiň syýasy gurluşynyň demokratiýa esaslanmagy ýaly ýörelgeler aýdyň şöhlelenýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ähli degişli edaralar, pudaklar, düzümler bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem ykjam taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňe sürýän, ileri tutýan
wezipelerine esaslanyp alyp barýan işleri döwlet bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ynamly we adalatly jemgyýetiň esaslarynyň berkemegine, jemgyýetde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, mynasyp zähmet şertleriniň döredilmegine hem-de durmuş goldawy ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Jennet ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
mugallymy.
