Döwletli şäherçesindäki metjidiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Welaýat neşiri metjidiň şäherçedäki Şaýoly köçesinde gurulýar.
Binanyň guluşygy «Mizemez» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. Işe kärhananyň gurluşykçylarynyň 130-sy gatnaşýar. Täze metjit 300 orunlyk bolar. Onuň ýanynda sadaka berilýän bina hem gurulýar.
Ilkibaşda metjit we onuň binalar toplumy üçin 1,5 gektar meýdan çaklanypdy. Emma halkyň islegi içgin öwrenilip, bu meýdan 3 gektara çenli giňeldildi.