Döwletli şäherçesinde täze metjit açyldy
Gadyr gijesi mynasybetli Hojambaz etrabynyň Döwletli șäherçesinde 300 orunlyk metjidiň we şonça orunlyk sadaka jaýynyň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen onuň gurluşygyna Türkmenistanyň müftüsiniň
müdiriýetiniň buýurmasy esasynda “Mizemez” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan 2022-nji ýylyň tomsunda badalga berildi.
Jeýhun ýakasyndaky sebitde gurlan täze metjit “Jeýhun” diýlip atlandyryldy.
Metjit 3 gektar ýerde guruldy. Metjidiň tutýan meýdany 1194 inedördül metre ýetýär. Onuň boýy we ini 30 metr beýiklige uzaýar. Metjidiň 16 metr diametre ýaýraýan gümmezi bar.
Bir gapdalda bolsa 1095 inedördül metr meýdany tutýan sadaka jaýy, başga-da toplumda kömekçi desgalaryň birnäçesi ýerleşýär. Olaryň hatarynda suw howdany we 300 awtoulaga niýetlenilen duralga hem-de beýleki desgalar, her biri 40 metr beýiklige göterilen iki minarasy bar.