TÜRKMENISTAN HABARLARY

Döwletli şäherçesinde lagym suwuny sorujy desga işe girizildi

Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde lagym arassalaýjy desga işe girizildi. Şäherçäniň arassaçylygyny we ýaşaýjylaryň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmäge niýetlenilen bu desga «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
Amyderýanyň sag kenarynda giň sähranyň goýnundaky şäherçede gurlan bu lagym arassalaýjy desga 2 gektardan gowrak meýdanda ýerleşip, birnäçe binalar toplumyny özünde jemleýär. Desga Germaniýa, Italiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe ýaly döwletlerde öndürilen ýokary iş öndürijilikli enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylypdyr. Kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 5 müň kub metre deň bolan, hil we binagärlik taýdan örän ýokary derejede gurlan bu döwrebap desga şäherçede täze iş orunlarynyň döremegine getirdi.