Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Nowruz Annageldiýewiç Allakulyýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary bilen, Läle Akmyradowa bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Häkimiň gurluşyk we oba hojalyk işleri boýunça orunbasarlary ýakyn günlerde belleniler.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu etrap Türkmenistanyň Mejlisiniň 19-njy sentýabrdaky Karary bilen döredildi. Etraba Döwletli şäherçesi we Hojambaz, Köýtendag etraplarynyň geňeşlikleriniň birnäçesi birikdirildi.
Döwletli etrabynyň ýolbaşçylary wezipä bellenildi
07
Oct
