JEMGYÝET

Döwletli etrabynda ýene-de ýigrimi gowrak hojalyga gaz geçirijileri çekildi

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Hatap obasynyň ýaşaýjylarynyň ýigrimiden gowrak hojalygyna tebigy gaz geçirildi. «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň «Döwletlietrapgaz» gaz hojalyk edarasyndan alnan maglumatlara görä, munuň üçin alty kilometrden gowrak gaz geçirijisi çekildi. Türkmenistanda ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işine Garaşsyzlyk alnan ilkinji ýyllarda başlandy. Ähli ilatly ýerlere gaz geçirijileri çekildi. Döwletli etrabynda häzir 11,2 müňe golaý hojalyk «mawy ýangyçdan» peýdalanýar. Emele gelýän täze maşgalalara mellekleriň paýlanmagy bilen täze obalar, öňden bar obalarda täze köçeler emele gelýär. Meýilnama laýyklykda, olary gazlaşdyrmak işi dowam etdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: