Lebap welaýaty boýunça täze döredilen Döwletli etrabynda halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli saýlaw okruglary döredildi. 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde etrap boýunça jemi 20 saýlaw okrugy döredilip, olaryň araçäkleri degişli geňeşlikleriň, şäherçeleriň, obalaryň we köçeleriň hasabyna anyk kesgitlenildi.
Saýlaw okruglarynyň araçäkleri ilatyň dykyzlygyny, ýaşaýyş ýerleriniň ýerleşişini hem-de dolandyryş amatlylygyny göz öňünde tutmak bilen kesgitlenilip, bu çäreler raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň doly üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Döwletli etrabynda saýlaw okruglary döredildi
22
Jan
